ortanjy's reviews
115 reviews

Kamelyalı Kadın by Alexandre Dumas Jr.

Go to review page

3.0

Gaty romantik adamyň elinden çykanlygy haýsy tarapdan seredeňde-de bildirýär. Ullakan roman däl. Ululygy normalno. Başda okamak kynragam bolsa, soňuny getirmek aňsat boldy.
Postane by Kübra Ataman, Charles Bukowski

Go to review page

3.0

Bukowskiniň ýazýan zatlaryny okamak hem aňsat, hem hezil. Bu hem şolar ýaly.
Toprak Ana by Halit Aliosmanoğlu, Chingiz Aïtmatov

Go to review page

4.0

Öňki Aýtmatow eserleri bilen deňeşdirende, gaty bir gowy däl. Ýöne, wagtyňy sarp edeniňe aňyrýany bilen degýärmikä diýýän. Esasan hem soňky bölümleri. Hat-da soňky bölümleri şeýle bir gowy welin, belki-de powest hökmünde aýratyn neşir edilmelidi?

Sebäbi başdaky wakalar Merkezi Aziýa ýa-da post-sowet sebitindäki islendik bir ýazyjynyň kitabynda tapyp bolaýjak synlardan, wakalardan düzülen. Soňundaky bölümler bolsa türkmen (we beýleki sebit) jemgyýetleri üçin möhüm temany gozgaýarmyka diýýän.

Aliman gelniň ykbaly, saýlawlary, onuň hekaýasynyň gürrüň berilişi... -- bular türkmen, gazak, özbek, gyrgyz ýaly halklar üçin entegem aktuallygyny ýitirmeýän temalar.
The Day Lasts More Than a Hundred Years by Chingiz Aïtmatov

Go to review page

4.0

Gysgaça
Aýtmatow ýöne ýere meşhur däl eken. Çyndanam dünýä möçberinde ähmiýetli ýazyjy. Kitapda gürrüňi gidýän geografiýanyň sowugyny, yssysyny, adamlaryň eşikleriniň porsusyny, çagalaryň ýüzlerindäki tegmilleri, kirleri, düýeleriň seslerini — hemme gürrüň berilýän zatlary aňyrýany bilen (poçti, Ultra HD formatda) duýup, gözöňüne getirip, ýaşap, başdan geçirip bolýar. Merkezi Aziýa regionynda ýetişen ýazyjylaryň arasynda ilkinji tejribäm, mundan öň 1-2 türkmen ýazyjyny okadym diýäýmeseň, regiondan hiçkim ýok. Haladym.

Obrazlar
Gullukdakam Hydyr Derýaýewiň "Ykbal" romanynyň II we III kitaplaryny okapdym. Olam edil Aýtmatowyň hekaýalary ýaly ýerli başdan geçirmelerden, tanyş obrazlardan doludy. Onsoň, ýene gullukdakam "Edebiýat we Sungat" gazedinde Hydyr Derýaýewiň bir reportažy barada makala okapdym. Adamlardan biri Derýaýewe: "Ykbaldaky personažlar nä dereje hakykata ýakyn?" soragyny beripdir. Şonda Derýaýew: "Şu wagt daşara çyksaňyz kitapdaky obrazlardan islendik birine duşmagyňyz mümkin" diýip jogap beripdir.

Diýjek bolýanym: Aýtmatowyň bu kitabyndaky obrazlar hem edil şol Derýaýewiň suratlandyryşy ýaly. Gürrüň gazaklar barada bolsa-da, olaryň gumda ýaşaýanlarynyň durmuş şertleri, pikirlenişleri, däpleri, gowy ýa-da ýaman düşünjelerine bolan garaýyşlary, utanyşlary, akyllysyraýyşlary, arak içişleri — hemmesi edil biziň öz obamyzda bolýanlar bilen deňeçer. Gowy suratlandyrylan, täsirli.

Diňe, diňeje çaga obrazlary gaty ejizräk döredilen ýaly. Ýöne, çaga obrazy döretmek umuman alanda-da aňsat iş däl. Esasanam sosialistik realizm diýilýän akymyň höküm sürýän 80-nji ýyllaryň sowet regionlarynda...
Casus by Paulo Coelho

Go to review page

3.0

Erbet däl... Real adamlar barada çeperleşdirilen eser mydama-da gyzykly bolýar...

Fransuzlaryň 1900-ly ýyllarda nemeslere bolan garaýyşy, nemesleriň özlerini subut etjek bolup azara galmaklary örän gyzykly.

פחד by שטפן צווייג

Go to review page

3.0

Ýaman gowy powest eken. Tema hem özüneçekiji. Ýöne, gutaryşyny kän halamadym -- hindi kinolar ýaly gutardy. Bir ejiz ýeri şolmuka diýýän...

Altıncı Koğuş by Anton Chekhov

Go to review page

4.0

Üýtgeşik metafor, allegoriýa (ýa-da subtekst diýilýärmi?) -- bir zatlar-a bar bu kitapda. Doly düşünmedim, ýöne, eseriň gowy pikirlenilip, ýedi ölçäp bir kesilip dizaýn edileni belli bolýar.

Geljekde ýene 1-2 gezek okarmykam diýýän.

Gysga, wagtyňy kän almaýan kitap. Spektakl, ýa-da awangard bir kinonowella gören ýaly bolýaň.